Täze Zelandiýanyň awiakompaniýasy bortda ýatmak üçin kabinalary gurnar

  • 03.07.2022 11:00
  • 19k+

2024-nji ýyla çenli Täze Zelandiýanyň Air New Zealand awiagatnadyjysynyň bortunda ýatylýan kabinalar gurnalar. Bu barada “The Guardian” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle şertler gatnawlarda 17 sagatdan köp wagtlap uçjak hem-de goşmaça töleg tölemäge taýýar bolan ýolagçylara hödürlener. Uky üçin kabinada bir seansyň dowamlylygy 4 sagat bolar.
Kapsulalarda ýorgan-düşek bolup, stýuardessalar olary her uçuşdan soň çalşarlar, kapsulalar iki hatarly bolar. Her kapsulada gorag tutujygy, USB-zarýad berijisi we wentilýasion deşikler bolar.

“Täze Zelandiýanyň ýerleşýän ýeri bize uzak aralyklara syýahat etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri berýär. Biz uka, rahatlyga we saglyk ýagdaýyna üns berýäris, sebäbi biz müşderilerimiziň işi üçin gowy dynç almagynyň nähili möhümdigini bilýäris” – diýip, Air New Zealand-yň ýerine ýetiriji müdiri Greg Foran habar berdi.


12.10.2025 11:14
9.4k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...

11.06.2025 22:38
9.4k+

78 ýaşly täze zelandiýaly adam 31 minutlap plankada durup, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Meýnard Uilýams 78 ýyl 135 gün ýaşynda plankada 30 minutdan gowrak wagt saklanyp, täze rekord goýdy. Ol bu maşky ýerine ýetiren iň garry erkek adam boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär...

21.03.2025 00:16
10k+

Iň betnyşan balyk Täze Zelandiýada ýylyň balygy boldy

Öň dünýäde iň betnyşan jandar diýlip ykrar edilen damja balyk indi Täze Zelandiýada ýylyň balygy adyna eýe boldy. Ol bu tituly Mountains to Sea tebigaty goraýyş gaznasy tarapyndan gurnalan bäsleşikde aldy diýip...