Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň iň ýokary döwlet sylagyny gowşurdy

  • 29.06.2022 15:06
  • 21k+

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady hem-de onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda ýokary üstünlikleri gazanandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň içinde iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary strategiki derejä çykdy.

Tokaýew gazak-türkmen gatnaşyklaryny berkitmekde goşan düýpli goşandy üçin, Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagyny — «Altyn Kyran» (Altyn bürgüt) ordenini gowşurdy.
Bu orden bilen Gazagystanyň öňünde uly işleri bitiren şahsyýetler sylaglanylýar. Bu orden bilen sylaglamak üçin dalaşgärleri ýurduň Prezidenti kesgitleýär.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......