Elektriki Mercedes-Benz zarýad bermesiz 1200 kilometrden gowrak aralygy geçdi

  • 28.06.2022 12:39
  • 10k+

Mercedes-Benz kompaniýasy Vision EQXX-iň elektriki prototipiniň awtonomlygynyň täze goýan rekordy hakynda gürrüň berdi. Sedan öňki geçen 200 kilometre golaý netijesini gowulandyryp, bir gezek berlen zarýadynda köpçüligiň ulanýan ýoly bilen 1202 kilometr aralygy geçdi. 

Aprelde prototip bir gezek berlen zarýadynda Germaniýanyň Ştutgartyndan  Fransiýanyň günorta-gündogaryndaky Kassis şäherine çenli aralygy geçdi. 1008 km ýoly külterlemek üçin oňa 11 sagat 32 minut gerek boldy. 100 km ýola ortaça 8,7 kWt/s energiýa sarp edildi, şu ýagdaýda pellehana gelen elektrokaryň ýene 140 km geçmäge ätiýajy galdy.
Täze rekordda hem Ştutgartdan badalga alnyp, Beýik Britaniýanyň Silwerstoun çapyşyk trekine çenli aralyk geçildi. Ýol 14 sagat 30 minut wagt aldy. Ýolda hereketiň köpdügine we howanyň yssydygy sebäpli kondisioneriniň 8 sagat töweregi işledilendigine garamazdan, energiýany hasam az sarp etdi: 100 km aralyga 8,3 kWt/s.
Elektrokar treke gelende zarýady doly gitmändi - rekord 1202 km menziliň içine Silwerstoun boýunça edilen 11 aýlaw (65 kilometr töweregi) hem girdi, şonda prototip öz aňrybaş tizliginde -  140 km/s tizlik bilen sürüldi.


13.04.2026 00:35
7.2k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......