Täjigistanda Milli agzybirlik gününiň 25 ýyllygy bellenildi

  • 28.06.2022 11:47
  • 2.1k+

Täjigistanda «Milli agzybirligiň güni» baýramçylygynyň 25 ýyllygy bellenildi. 1997-nji ýylda Parahatçylygy we milli ylalaşygy ýola goýmak barada şertnama gol çekildi. Bu resminama respublikada raýatlyk gapma-garşylygynyň soňuna çykdy. Ýurduň prezidenti Emomali Rahmon raýatlary baýramçylyk bilen gutlady diýip, MIR24 habar berýär.

“Parahatçylyk, asudalyk we milli agzybirlik biziň üçin örän möhüm gymmatlyklar bolup, şolaryň kömegi bilen Täjigistanyň halky häzirki günde Watanyň gülläp ösüşiniň, döwletiň ösüşiniň, strategiki milli maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň we her bir maşgalanyň abadançylygynyň hatyrasyna jebisleşip, janyny aýaman zähmet çekýär. Häzirki günde biziň halkymyz her bir maşgalanyň asuda durmuşynyň, her bir raýatyň maksatlarynyň we arzuwlarynyň amala aşmagynyň, Watanyň gülläp ösüşiniň we döwletiň ösüşiniň diňe berk parahatçylygyň we durnuklylygyň bolan ýagdaýynda mümkindigine örän gowy düşünýär” – diýip, Emomali Rahmon belledi.


13.12.2025 01:16
4.3k+

Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady...

12.12.2025 13:10
7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

12.12.2025 11:57
7.3k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

11.12.2025 16:49
2.8k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...