Toyota bilen Suzuki Hindistan üçin ýolsuz ýerden ýöreýän gibrid awtoulaglary öndürer

  • 26.06.2022 10:39
  • 11k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor we Suzuki Motor awtoöndürijileri Hindistanyň bazary üçin ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply gibrid awtoulaglary (sport utility vehicle, SUV) öndürer. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iki kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, olar awgust aýyndan Suzuki tarapyndan Toyota Kirloskar Motor Pvt. zawodynda işlenip düzülen gibrid awtomobiliň bilelikdäki önümçiligine başlarlar.
Soňra kompaniýalar üpjünçiligi dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Afrikanyň ýurtlary üçin hem giňeltmegi maksat edinýärler. Toyota bilen Suzuki-niň arasynda halkara arenasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama 2017-nji ýylda gol çekildi.
Anna güni Ýaponiýadaky söwdada Toyota-nyň paýnamalarynyň bahasy 0,7% peseldi. Suzuki-niň gymmatly kagyzlary 2,6% gymmatlady.


düýn 23:37
1.9k+

Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär

Lexus Ýaponiýada LBX Morizo RR Original Edition krossoweriniň çäkli nusgasyny çykarar, onuň bary-ýogy 100 sanysy bolar. Olary diňe lotereýanyň ýeňijileri satyn alyp biler, lotereýa gatnaşmak üçin sargytlar dilerlik merkezlerinde kabul ediler diýip, Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri habar berýär...

09.07.2025 14:00
9.3k+

Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly

Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir...

06.07.2025 20:08
9.1k+

Täzelenen Toyota HiLux ilkinji gezek rozetkadan zarýad alýan görnüşde we 8 basgançakly karobka bilen çykar

Toyota kompaniýasy HiLux pikabynyň täze plagin gibrid (PHEV) wersiýasyny taýýarlaýar. Ýapon çeşmeleriň ýazmagyna görä, bu modeliň elektrikleşdirilmegine gönükdirilen ilkinji ädim bolar we Ford Ranger PHEV hem-de BYD Shark 6 ýaly bäsdeşlere gönüden-göni jogap hökmünde çykarylar...

06.07.2025 14:41
6.1k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar...