Вена снова возглавила рейтинг лучших городов мира для жизни

  • 26.06.2022 10:37
  • 7.9k+

Wena iki ýyllyk arakesmeden soň ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäheri bolmak bilen, reýtingiň birinji ornuna gaýdyp geldi. Bu barada The Economist Intelligence Unit (EIU) tarapyndan geçirilen gözlegde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär. 

Bu ýyl reýtinge 33 sany täze şäher goşuldy, olaryň 11-si Hytaýyň şäherleridir.
Geçen ýylky reýtingiň lideri Täze Zelandiýanyň Oklend şäheri bolupdy, ol Täze Zelandiýada we Awstraliýada koronawirus lokdaunlarynyň beýleki ýurtlara garanyňda has ir ýatyrylandygy üçin birinji orny eýeläpdi. Ýöne dünýäde kafeleriň, restoranlaryň we beýleki edaralaryň işiniň gaýtadan dikeldilmegi bilen Oklend reýtingde birbada 33 orun aşak düşdi, dördünji orny eýelän Wellington bolsa 46 orun aşak düşdi. Awstraliýanyň Adelaida we Pert şäherleri ilkinji onlukdan çykdy.
Bu ýyl sanawda ikinji orny Kopengagen eýeledi, üçünji orny Sýurih bilen Kalgari paýlaşdy, bäşinji orunda Wankuwer ýerleşdi. Şeýle-de, ilkinji onluga Ženewa, Frankfurt, Toronto, Amsterdam, Osaka we Melburn girdi.
Reýtingde Germaniýanyň şäherleri güýçli ösüşi görkezdi. Frankfurt 32 orun, Gamburg 31 orun (16-njy orna), Dýusseldorf 28 orun (22-nji orna) ýokary galdy. 
London 28 orun, reýtingiň 33-nji ornuna çenli, Mançester 27 orun, 28-nji orna çenli ýokary galdy. 
Ýaşaýyş üçin iň ýaramaz şäher iň soňky 172-nji orny eýelän Siriýanyň Damask şäheri boldy. Şeýle-de, bu hatarda Lagos, Tripoli, Alžir, Karaçi we Port-Morsbi ýaly Afrikanyň we Aziýanyň garyp döwletleriniň paýtagtlary bar.
Ýaşaýyş üçin dünýäniň iň amatly şäherleriniň sanawy EIU tarapyndan bäş kategoriýa bölünen 30-dan gowrak faktor göz öňünde tutulyp düzüldi – durnuklylyk, saglygy goraýyş, medeniýet we ekologiýa, bilim we infrastruktura. Şeýlelikde, Wenanyň ortaça indeksi 100-den 99,1 punkt, Damaskyňky 30,7 punkt boldy. 


21.08.2025 23:51
1.1k+

Юбилейное 70-ое «Евровидение» пройдет в Вене

Юбилейный, 70-й конкурс «Евровидение» пройдет в Вене в 2026 году. Об этом сообщили на официальном сайте мероприятия. «Финал состоится 16 мая в Винер-Штадтхалле, крупнейшей арене страны», — говорится в пресс-релизе...

28.07.2025 14:14
4.4k+

Молодёжный камерный оркестр Туркменистана вновь удостоился золота на фестивале в Вене

Молодёжный камерный оркестр Туркменистана под управлением дирижера Расула Клычева получил Золотой приз на 11-м Всемирном фестивале оркестров в Вене. Об этом сообщили на официальной странице оркестра в Instagram...

18.05.2025 10:09
4.6k+

На «Евровидении-2025» победила Австрия

Австрийский певец JJ (Йоханнес Питч) одержал победу в конкурсе «Евровидение-2025», который прошёл в швейцарском Базеле.  Музыкант, исполнивший песню «Wasted Love» («Напрасная любовь»), набрал 436 баллов. В гранд-финале первое место ему отдали и профессиональное жюри, и зрители...

08.04.2025 16:30
2.7k+

ИИ впервые стал студентом. Его зачислил Венский университет

Венский университет прикладного искусства впервые в мире принял искусственный интеллект в качестве студента. ИИ по имени Flynn зачислен на программу цифрового искусства. Он будет посещать занятия, участвовать в...