Türkmenistandan iberilen ynsanperwer kömek Owganystana bardy

  • 25.06.2022 19:22
  • 39k+

Şu gün Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük Kabula geldi. Azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer ýük jemi 24 tonna 700 kg-a barabar boldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda heläkçilikli ýer titreme bolup geçdi. Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap berdi.
Owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek, köp ýyllaryň dowamynda türkmen döwleti tarapyndan amala aşyrylýan Owganystana yzygiderli goldaw bermegiň möhüm ugurlarynyň biridir.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......