Owganystanda 900-den gowrak adam ýer titremesiniň pidasy boldy

  • 22.06.2022 17:53
  • 47k+

Geçen gije Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Paktika welaýatynda bolup geçen ýer titremesi netijesinde 900-den gowrak adam pida boldy diýip, ýerli Tolo News teleýaýlymy tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça ministriň orunbasary Şarafuddin Muslimiň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Şikes alanlaryň sany 610-a ýetýär.
Öň, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habar bermegine görä, Owganystanda 6,1 magnitudaly ýer titreme bolup geçdi.
Ýer titremäniň epi merkezi 96 müň ilatly Host şäherinden 44 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ojagy 51 kilometr çuňlukda ýerleşýär.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýer titremeden ejir çeken ilata kömek bermeklerini sorap halkara guramalara ýüz tutdy.


23.05.2026 23:48
3.3k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

20.05.2026 15:16
7.6k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.6k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....