Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

  • 23.06.2022 23:59
  • 39k+

23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýakyn wagtda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada habar berdi.

22-nji iýuna geçilýän gije Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Paktika welaýatynda bolup geçen ýer titremesi netijesinde 1000-den gowrak adam pida boldy, 1500-dan gowrak adam şikes aldy. Sanlar ýene-de artyp biler.
Öň, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habar bermegine görä, Owganystanda 6,1 magnitudaly ýer titreme bolup geçdi.


25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....