«Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerlerde Gün we ýel elektrik beketleri gurlar

  • 25.06.2022 12:36
  • 11k+

Häzirki wagtda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzyň çet gyralarynda we barmasy kyn ýerlerde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

“Bu çäreler Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de “ýaşyl” energetikany döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde dowam etdirilýär” diýlip, Hökümetiň 24-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we onuň kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça täze taslamalaryň aýratyn zerurdygy barada aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi.


16.09.2025 20:29
1.9k+

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar...

07.09.2025 18:51
1.7k+

Hytaý alty aýda beýleki ýurtlara garanyňda, iň köp Gün elektrik stansiýasyny gurdy

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde umumy kuwwaty 380 gigawat bolan Gün elektrik stansiýalary işe girizildi.  Bu görkeziji 232 gigawat bolan 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 64% köp diýip, Electrec ýazýar...

27.08.2025 15:55
4.7k+

Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy

2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär...

23.08.2025 07:59
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Ýewropa ibermek mümkinçilikleri barada aýtdy

22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi...