«Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerlerde Gün we ýel elektrik beketleri gurlar

  • 25.06.2022 12:36
  • 11k+

Häzirki wagtda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzyň çet gyralarynda we barmasy kyn ýerlerde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

“Bu çäreler Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de “ýaşyl” energetikany döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde dowam etdirilýär” diýlip, Hökümetiň 24-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we onuň kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça täze taslamalaryň aýratyn zerurdygy barada aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi.


13.04.2026 00:13
4.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......

28.03.2026 01:21
4.2k+

Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet......

18.03.2026 14:27
1.6k+

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...