«Gudzonda gudrat» görkezen uçarman ABŞ-yň IKAO-daky wekiliniň wezipesinden gidýär

  • 24.06.2022 22:21
  • 13k+

2009-njy ýylyň ýanwarynda Nýu-Ýorkuň La-Guardia howa menzilinden asmana göterilenden birnäçe minut geçensoň guş sürüsi bilen çaknyşan Airbus A320 ýolagçy uçaryny Gudzon derýasyna gondurmagy başaranlygy bilen meşhurlyk gazanan Çesli Sallenberger ABŞ-yň Halkara raýat awiasiýasy guramasyndaky (IKAO) wekili wezipesinden gidýär diýip, penşenbe güni The Wall Street Journal gazetiniň ýazandygyny TASS habar berýär. 

Onuň maglumatyna görä, bu wezipä girişenine ýarym ýyl töweregi wagt bolan Sallenberger 1-nji iýuldan wezipesini tabşyrar. Neşiriň ýazmagyna görä, 71 ýaşly uçarman adaty durmuşa gaýdyp barmak isleýär. 
Öň, harby uçarman bolup, soňra raýat awiasiýasyna geçen Sallenberger NASA-da uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça maslahatçy bolup hem işledi we adatdan daşary hadysalar üçin uçarmanlar toparynyň taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam berdi.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......