Ýene-de üç ýyldan Ford Focus önümçilikden aýrylar

  • 24.06.2022 11:40
  • 9.3k+

Forduň Ýewropa şahamçasy 2025-nji ýylda Saarluisedäki zawodynda Focus-lar maşgalasynyň önümçiligini tamamlamagy meýilleşdirýär. Şahamçanyň ýolbaşçysy Stýuart Rouliniň Automotive News neşirine habar berşine görä, bu kompaniýanyň elektrokarlary goýbermäge ýöriteleşdirilýändigi bilen baglydyr.

Ford Focus-yň önümçiligi tamamlanandan soň, onuň häzirki goýberilýän zawody ýa-ha ýapylar, ýa-da başga öndürijä satylar. Rouliniň sözlerine görä, kompaniýa häzirlikçe kärhanany saklap galmagyň çözgüdini tapmady. Häzirki wagtda konweýerde Focus-yň ýerini eýeläp biljek  model babatynda Forduň hiç hili meýilnamasy ýok.
Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar ýygnalandaky bilen deňeşdirilende, elektrokarlaryň önümçiligi üçin işgär az gerek bolar. Ford öz elektromobilleriniň hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar, emma olary Kýolniň zawodlarynda we Ispaniýanyň Walensiýasynda ýygnar.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......