Britaniýada inflýasiýa soňky 40 ýylda iň ýokary görkezijä ýetdi

  • 23.06.2022 12:21
  • 5.9k+

Beýik Britaniýada inflýasiýanyň derejesi, maý aýynyň netijelerine görä, ýyllyk aňlatmasynda 9,1%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa 40 ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy. Muny Birleşen Korollygyň Milli statistika gullugynyň ýaýradan hasabaty delillendirýär diýip, TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Bellenilişi ýaly, inflýasiýa, esasan, ýurtda elektrik energiýasy üçin bahalaryň ýokarky çäginiň ýokarlanmagy we Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli Ýewropada güýçlenýän energetika çökgünliginiň esasynda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Aprel aýynda sarp ediji bahalarynyň indeksi geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 9% ýokarlandy.
Angliýanyň Bankynyň soňky hasaplamalaryna görä, güýzde ýurtda inflýasiýanyň derejesi 11%-e çenli ýokarlanar. Mart aýynda Londonyň Ykdysady we biznes gözlegleriniň merkezi doklad çykaryp, onda Beýik Britaniýanyň 1950-nji ýyllardan bäri ýaşaýyş derejesiniň güýçli pese gaçyşy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy.


şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

27.06.2025 18:42
8.9k+

4-nji iýulda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

4-nji iýulda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi...

26.06.2025 19:04
7.8k+

Wýetnamda ýurtda ilkinji erkin ykdysady zolak dörediler

Wýetnamda ýurduň ilkinji erkin söwda zolagy dörediler. Bu zolak ýurduň merkezi bölegindäki tehnologiýa we syýahatçylyk merkezi bolan Danang şäherinde ýerleşer diýip, Nikkei neşiri habar berýär.  Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşine itergi bermegine we 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili döwlet bolmak maksadyna ýetmäge kömek etjekdigine garaşýar...

25.06.2025 08:18
11k+

Beýik Britaniýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Beýik Britaniýanyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy ýurtlar boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...