Britaniýada inflýasiýa soňky 40 ýylda iň ýokary görkezijä ýetdi

  • 23.06.2022 12:21
  • 6.3k+

Beýik Britaniýada inflýasiýanyň derejesi, maý aýynyň netijelerine görä, ýyllyk aňlatmasynda 9,1%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa 40 ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy. Muny Birleşen Korollygyň Milli statistika gullugynyň ýaýradan hasabaty delillendirýär diýip, TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Bellenilişi ýaly, inflýasiýa, esasan, ýurtda elektrik energiýasy üçin bahalaryň ýokarky çäginiň ýokarlanmagy we Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli Ýewropada güýçlenýän energetika çökgünliginiň esasynda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Aprel aýynda sarp ediji bahalarynyň indeksi geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 9% ýokarlandy.
Angliýanyň Bankynyň soňky hasaplamalaryna görä, güýzde ýurtda inflýasiýanyň derejesi 11%-e çenli ýokarlanar. Mart aýynda Londonyň Ykdysady we biznes gözlegleriniň merkezi doklad çykaryp, onda Beýik Britaniýanyň 1950-nji ýyllardan bäri ýaşaýyş derejesiniň güýçli pese gaçyşy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy.


düýn 22:54
662

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......