Ispaniýa 2030-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin arza bermekden ýüz öwürdi

  • 23.06.2022 12:21
  • 6.5k+

Ispaniýanyň Milli Olimpiýa Komiteti 2030-njy ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin arza bermezlik kararyna geldi. Bu sebitleriň hökümetleriniň arasynda ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli boldy diýlip, guramanyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar. Muny MIR24 ýetirýär.

Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Aragon we Kataloniýa awtonom jemgyýetleriniň häkimiýetleri sport çärelerini paýlaşmak barada ylalaşyp bilmediler. Netijede, Kataloniýanyň ýolbaşçylygy “Aragon” bilen bilelikdäki teklibiň bolmajakdygyny düşündirip, özbaşdak arza berjekdigini aýtdy.
Ispaniýanyň Milli Olimpiýa Komiteti patyşalygyň geljekde gyşky Olimpiadany geçirmek üçin Oýunlary guramak boýunça komissiýa bilen işleşmegi dowam etdirjekdigine wada berdi.
Ýatlap geçsek, 2030-njy ýyldaky gyşky Olimpiadanyň geçiriljek ýeri indiki ýyl Halkara Olimpiýa Komitetiniň sessiýasynda yglan ediler. Öň, 2030-njy ýylyň Oýunlaryny geçirmäge ABŞ-nyň Solt-Leýk-Siti, Kanadanyň Wankuwer we Ýaponiýanyň Sapporo şäheri isleg bildirdi. 2026-njy ýylda gyşky Olimpiada Italiýada geçiriler.


şu gün 14:40
344

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.3k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....