Hytaý synag hemrasyny orbita çykardy

  • 23.06.2022 09:29
  • 8k+

Çarşenbe güni Hytaýyň merkezi teleýaýlymy (CCTV) Hytaýyň "Týansin-1" synag hemrasyny Ýer togalagynyň töweregindäki älem giňişligine üstünlikli çykarandygyny habar berdi diýip, interfax.ru ýazýar.

Hemra ýerli wagt bilen sagat 10:08-de (7:08 aşg) Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan goýberildi. 
Dürli synaglarda, şol sanda, älem gurşawyna gözegçilik etmekde ulanyljak  "Týansin-1" hemrasyny  "Kuaýçjou-1A" raketasy bellenen orbita çykardy.
Dört basgançakly "Kuaýçjou-1A" raketa göteriji Hytaýyň Aerokosmiki ylmy-tehniki korporasiýasyndan (CASIC) bölünip aýrylan kärhana bolan ExPace kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy.
Raketa Ýer togalagyna golaý älem giňişligine 400 kg-a çenli agramdaky  peýdaly dürli ýükleri çykarmaga ukyplydyr.
Bu şeýle seriýaly raketalaryň 15-nji goýberilişidir.


11.06.2026 23:52
8.5k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......