YouTube sekiz ýyldan soň Apple Watch-yň eýeleri üçin elýeterli boldy

  • 23.06.2022 09:23
  • 10k+

Apple Watch «akylly» sagatlary üçin WatchTube ady bilen resmi däl YouTube programmasy çykaryldy. Bu barada 9to5mac portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Kompaniýanyň ilkinji sagatlary 2014-nji ýylda hödürlenipdi, ýöne Google häzire çenli wideohostingi Apple gajetine uýgunlaşdyrmady.

Programmada dört bölüm bar: “Esasy”, “Gözleg”, “Kitaphana” we “Sazlamalar”. Resmi YouTube programmasynda bolşy ýaly, baş sahypada meşhur wideorolikler görkezilýär. Ulanyjylar isleglerine görä başlangyç sahypada görkezmek üçin belli bir wideo kategoriýasyny saýlap bilerler. Wideo we kanal arkaly gözleg asyl nusgadan tapawutlanmaýar. Mundan başga-da, ulanyjylar üçin adaty klawiaturanyň kömegi bilen girizme, şeýle-de golýazma we ses arkaly girizme elýeterlidir. 
WatchTube-da ulanyjylar kanallara ýazylyp, “Kitaphanada” saklap galyp bilerler. Ýöne «akylly» sagatlar üçin wersiýada akkaunta birikmek mümkinçiligi ýokdur.
YouTube üçin resmi däl programma watchOS 6-nyň ýa-da has soňky wersiýalaryň dolandyrmagynda işleýän Apple Watch-yň eýeleri üçin elýeterlidir.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......