Rolls-Royce puluň hümmetiniň pese gaçmagy sebäpli işgärleriniň aýlyk haklaryny köpeldýär

  • 22.06.2022 11:21
  • 18k+
Rolls-Royce puluň hümmetiniň pese gaçmagy sebäpli işgärleriniň aýlyk haklaryny köpeldýär

Rolls-Royce kompaniýasy Beýik Britaniýada ýaşaýşyň aşa gymmatlaýan şertlerinde işgärleriniň aýlyk haklaryny 4% galdyrmak kararyna geldi we hersine 2 müň funt sterling (2,4 müň dollar töweregi) möçberinde birwagtlaýyn pul kömegi berler. Bu barada sişenbe güni Financial Times gazeti ýazdy diýip, TASS habar berýär.

"Biz ykdysady taýdan näbelliligiň, köp derejede global pandemiýanyň dowam edýän täsiri bilen şertlendirilen, özboluşly döwründe ýaşaýarys. Öýde-de, işde-de her birimize munuň täsiriniň ýetişi ýaly, gapjygymyzy hem aýap goýmaýar." - diýip, Rolls-Royce-yň ýerine ýetiriji direktory Uorren Ist aýdýar. 

Pul kömegini kompaniýanyň 14 müň işçisi alar. Britaniýanyň premium-klass awtoulag öndürijisiniň ýolbaşçylygy kömek pullaryny awgust aýynda - kärdeşler arkalaşygy bilen ylalaşyk gazanylan dessine töläp başlamagy meýilleşdirýär. Puly ýönekeý işçiler we kiçi menejerler alyp bilýär. 
Aýlyk haklarynyň 4% ýokarlanmagy soňky on ýylyň içinde her ýylky iň uly aýlyk galdyrma hasaplanýar. Tutuş çäreleriň toplumy firma 45 mln funt sterlingdenem (54 mln dollar töweregi) köpe düşer. 
1-nji aprelden başlap Beýik Britaniýada işgerleriň ähli toparlarynyň güzeran aýlamak üçin zerur girdejisiniň möçberi 10% köpeldildi. Bu üýtgeşmeler puluň hümmetiniň gaçmagy sebäpli gündelik sarp edilýän harytlaryň bahasynyň galmagy bilen baglydyr.


10.09.2024 13:26
1.8k+

Türkmenistan Britaniýa bilen ekologiýa we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşdy...

27.07.2024 12:54
8k+

Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň girdejisi 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy

Karl III-niň şa emläkleri geçen ýyl 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu barada Britaniýanyň şa maşgalasy tarapyndan hödürlenen maliýe hasabatyna salgylanyp, BBC News habar berýär. Girdejileriň artmagy...

26.07.2024 07:53
2.5k+

Britaniýada Uelsiň hökümet baştutany hökmünde ilkinji gezek aýal saýlandy

Baronessa Eluned Morgan Uelsiň Leýboristik partiýasynyň täze lideri hökmünde saýlandy we şonuň esasynda Birleşen Korollygyň bu administratiw-syýasy böleginiň birinji ministri bolar. Muny partiýanyň içinde geçirilen...

23.07.2024 14:53
6.7k+

Beýik Britaniýa Ýewropada ilkinji bolup emeli etiň satylmagyna rugsat berdi

Beýik Britaniýa Ýewropada laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen emeli etiň satylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Häzirlikçe şeýle eti diňe haýwanlaryň iýmitinde ulanyp bolýar diýip, Financial Times...