BMG: 222 mln çaga bilim pudagynda goldawa mätäç

BMG: 222 mln çaga bilim pudagynda goldawa mätäç

BMG-niň Global gaznasy “Bilim garaşmaýar” täze hasabatyny neşir etdi we onda çökgünlik şertlerinde bilim goldawyna mätäç mekdep ýaşyndaky çagalaryň sanynyň 2016-njy ýyldaky 75 milliondan häzir 222 milliona ýetendigi aýdylýar. Bu barada BMG-niň saýtynda bellenilýär.

Çökgünlikden zyýan çeken we bilim pudagynda gyssagly kömege mätäç 222 mln çaganyň we ýetginjegiň 78,2 milliony mekdebe barmaýar, takmynan, 120 milliony bolsa mekdepde okaýar, ýöne matemetika we okaýyş boýunça zerur bilim derejesini alyp bilmeýär. Hakykatda, başlangyç ýa-da orta mekdebe gatnaýan çökgünlikden zyýan çeken çagalaryň ondan biri bu bilim derejesine ýetýär.
Seljerme çökgünlik şertlerinde mekdebe barmaýan çagalaryň 84 göteriminiň Owganystan, Kongo Demokratik Respublikasy, Efiopiýa, Mali, Nigeriýa, Pakistan, Somali, Günorta Sudan, Sudan we Ýemen ýaly dawaly ýurtlarda ýaşaýandygyny görkezýär. Bu ýurtlaryň ählisinde BMG-niň “Bilim garaşmaýar” gaznasy işjeň ýagdaýda işleýär.
Ukrainadaky uruş mekdebe barmaýan çagalaryň sanynyň artmagyna sebäp boldy. Soňky hasaplamalara görä, dawa mekdep ýaşyndaky 5,7 mln çaga täsirini ýetirdi.
Bilim pudagynda bu ýiti global çökgünlige garşy hereket etmek üçin BMG-niň “Bilim garaşmaýar” gaznasy we strategiki hyzmatdaşlar 21-nji iýunda Ženewada serişdeleri ýygnamak boýunça #222MillionDreams (222 million arzuw) kampaniýasyny işe girizdiler. 
Kampaniýa donorlary, hususy sektory, haýyr-sahawat gaznalaryny we barly hususy adamlary häzirki wagtda çökgünlikden zyýan çeken 40-dan gowrak döwletde 5 milliondan gowrak çaganyň ýokary hilli bilimini üpjün edýän BMG-niň “Bilim garaşmaýar” gaznasynyň maýa goýumlarynyň möçberini ýokarlandyrmak üçin goşmaça serişdeleri tapmaga kömek etmeklige çagyrýar.