Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplaryň arasynda «BMG-niň nusgasy» bäsleşigini geçirer

  • 19.05.2024 13:15
  • 5.4k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «BMG: halkara parahatçylygy we ynanyşmak» diýen temasy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» bäsleşigine gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul etmegi dowam edýär.

Bäsleşik BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guralýar.
Bäsleşik Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 28-nji maýda göni gatnaşmak arkaly iňlis dilinde geçiriler. Talyplaryň çykyş etjek mejlisiniň gün tertibine Durnukly ösüş maksatlary hem-de Energetika howpsuzlygy temalaryna degişli meseleler giriziler.
Bäsleşigiň öňýanynda, 27-nji maýda guramaçy ýokary okuw mekdep talyplar üçin «BMG-niň nusgasy» bäsleşigini geçirmegiň düzgünleri we iş tertibi, şeýle hem onuň mazmuny we gatnaşyjylaryň wezipeleri bilen baglanyşykly deslapky okuw maslahatyny geçirer.
Bäsleşigiň ýeňijileri oňa gatnaşyjylaryň özleriniň ses bermegi arkaly kesgitleniler hem-de üç ugurlar: «Iň oňat dilewar», «Iň oňat alypbaryjy» we «Tomaşaçylaryň saýlany» diýen ugurlar boýunça yglan ediler.
Bäsleşikde öz güýjüni synamak isleýän talyplar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň saýtynda bellige alyş sowalnama doldurmalydyrlar. Bellige almak işleri 21-nji maýa çenli dowam eder. Goşmaça maglumatlary (+993 12) 39 85 64; (+993 63) 40 22 30 telefon belgiler hem-de arslancharyev17@sanly.tm elektron salgy boýunça alyp bolar.


şu gün 08:05
1.7k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.8k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.8k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....