Malaýziýanyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy gutlady

  • 22.06.2022 11:04
  • 6.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakobdan gutlag haty gelip gowuşdy.

"Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk" diýip, Pýemýer-ministr hatynda Malaýziýanyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ýardam berýän döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine taýýardygyny tassyklady.


şu gün 14:49
484

Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy...

şu gün 14:44
374

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

şu gün 14:38
344

Tokioda türkmen ilçisiniň Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň...

şu gün 11:38
4.1k+

Türkmenistan Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin potratçy gözleýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp düzmek üçin halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi bildirişde aýdylýar...