BAE-de altyn bilen poçta markasy çykaryldy

  • 21.06.2022 11:47
  • 18k+

BAE-niň döwlet poçta kompaniýasy Emirates Post Group dünýädäki iň gymmat marka bilen tanyşdyrdy. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Poçta markasy BAE-niň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli çykaryldy. Ýygyndyda markanyň dört görnüşi bar. 
Olardan iň gymmady – “Altyn Jubiliýa 2021”. Ol 1 gram altyny özünde saklaýar, onuň bahasy bolsa 550 dollara barabar. “Birleşigiň ruhy” seriýasy BAE-ni esaslandyryjy atalary görkezýär, “50 ýyllygyň ýyly – 2021” ýurduň häzirki ýagdaýyny, “50 ýyllygyň taslamalary – 2071” onuň geljegini şöhlelendirýär. Markalaryň her biri 68 dollara düşer.
BAE-niň ýubileýine bagyşlanan poçta markalary 2021 nusga bilen çykaryldy. Markany diňe bir fiziki görnüşde däl, eýsem sanly token görnüşinde-de satyn alyp bolýar.


şu gün 10:36
2.8k+

Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler...

10.03.2026 13:50
8.5k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

02.02.2026 12:53
1.4k+

Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi

San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. ​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär...

01.02.2026 16:31
5.1k+

Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar

Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady...