Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy

  • 19.06.2022 17:21
  • 10k+

Hytaýyň Lenovo kompaniýasy Red Dot Design Award 2022 baýragyny alan Mozi subbrendinden geljegiň konseptual noutbugyny hödürledi diýip, Aroged portaly habar berýär. Gurluşyň esasy aýratynlygy - onuň oturtma displeýi aýrylan.

Noutbukda şekili çykarmak üçin ekranyň deregine proýektor ulanylýar. Mozide adaty klawiaturanyň ýerine korpusyň içinde "gizlenýän" çekilip çykarylýan klawiatura hödürlenýär. Klawiaturany, mysal üçin wideo ýa-da prezentasiýa göreňde, stolda ýer tygşytlar ýaly, ýygnap bolýar. Klawiaturanyň özüniň ykjam dizaýny bar, sag tarapyndaky sanly NUM-blogy aýrylan. Mozi noutbugy Dolby Atmos goldawly audioulgam  we barmak yzlaryny alýan oturtma skaner bilen enjamlaşdyrylan.
Häzirlikçe noutbuk diňe konseptual işläp taýýarlaýyş görnüşinde bolany sebäpli gurluşyň has takyk tehniki häsiýetnamasy aýan edilmeýär. Şeýle gajetiň çen bilen haçan satuwa çykjagy hem habar berilmeýär. 


28.05.2026 23:53
5.7k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

24.05.2026 07:37
2.7k+

Barlag: Emeli aň sebäpli işgärleriň sanynyň azaldylmagy garaşylýan netijäni bermeýär

Emeli aň ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalar tehnologiýanyň hakyky peýda getirip-getirmejegine garamazdan, işgärlerini köplenç azaltmak bilen bolýarlar. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän......