Apple iki taraplaýyn USB-C zarýad beriji hakynda maglumatlary paýlaşdy

  • 19.06.2022 17:17
  • 6.8k+

Apple WWDC tarapyndan hödürlenen täze 35-wattlyk zarýad beriji gurluşda energiýanyň nähili paýlanýandygy hakynda gürrüň berdi. Degişli maglumat kompaniýany goldaw sahypasynda peýda boldy.

Apple-iň saýtynda aýdylyşyna görä, köplenç ýagdaýlarda 35-wattlykda jemi güýç birikdirilen iki gurluşyň arasynda (olaryň biri energiýany az talap edýänlere degişli bolmadyk ýagdaýynda, mysal üçin, Apple Watch ýa-da AirPods) des-deň paýlanar. 
Şeýlelikde, noutbuk we iPhone ýa-da iPad birikdirilen halatynda gurluşlaryň hersi 17,5 wattdan alar. iPhone bilen iPad birikdirilende hem şol hili kuwwat paýlanar.
MacBook-a ýa-da iPone-ne we Apple Watch-a ýa-da AirPods-a bir wagtda zarýad berlende noutbugyň ýa-da smartfonyň energiýa alyş kuwwaty 27,5 Wt-a, sagatlar we gulaklyklar üçin bolsa - 7,5 Wt-a ýeter.
WWDC-nyň konferensiýasynyň dowamynda Apple kuwwaty 35 Wt bolan iki dürli zarýad beriji gurluş bilen tanyşdyrdy.
Adaptoryň standart wersiýasy Apple-iň wekilçilik edýän ähli ýurtlarynda bardyr. Gurluşyň aýrylyp-dakylýan wilkasy bar. Zarýad beriji blogyň ykjam wersiýasy diňe ABŞ-da, Kanadada, Hytaýda, Ýaponiýada we  Type A görnüşli amerikan rozetkasy ulanylýan beýleki käbir ýurtlarda bar.


düýn 14:59
4.3k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...