Müsür syýahatçylar üçin COVID-çäklendirmeleriň ählisini ýatyrdy

  • 17.06.2022 17:40
  • 9.1k+

Müsüriň Ministrler Kabineti epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy we sanjym işleriniň depgininiň ýokarylygy bilen bagly ýurduň öz raýatlary üçin hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda gelmegi babatda koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini ýatyrmak kararyna geldi diýip, Sada El Balad portalyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. 

"Ýurduň öz içinde we onuň çäklerinden daşarda epidemiologik ýagdaýy gözegçilikde saklamak üçin ýurda gelýän müsürliler ýa-da daşary ýurtlular babatynda bellenen kowide garşy ähli çäklendirmeleri aýyrmak barada Müsüriň Ministrler Kabineti geçiren ýygnagynyň dowamynda karar kabul etdi " - diýip, neşir ýazýar. 

Hereket edýän çäklendirmeleriň ýatyryljak möhleti barada habar berilmedi. Häzirki wagtda Müsüre girmek üçin BSGG tarapyndan makullanan sanjymlardan biri  ýa-da Russiýanyň "Sputnik" sanjymy alnandygy barada güwä haty, koronawirus ýokanjy bilen keselländigiň hakynda güwänama ýa-da PZR-test talap edilýär.
Portalyň habar berşi ýaly, ýurtda epidemiologik ýagdaý durnukly: raýatlara koronawirusa garşy dürli waksinalaryň 86,6 mln dozasy, rewaksinasiýa üçin hem 4,5 mln doza goýberildi. Hökümet ilata sanjym geçirmegiň gowy depginini üpjün etmek üçin şu ätiýaçlyklary ýeterlik hasaplaýar. 


23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......