Watch Series 7 birinji çärýekde iň meşhur «akylly» sagat boldy

  • 14.06.2022 20:14
  • 10k+

Dünýäde iň köp satylýan «akylly» sagat Apple-iň iň ýörgünli modellerinden iň gymmadydyr. IDC-niň maglumatlaryna görä, Watch Series 7 birinji çärýegiň jemi boýunça dünýäde iň meşhur «akylly» sagat boldy. Onuň yzyndan ep-esli arzan bolan Watch Series SE gelýär diýip, ixbt.com belleýär.

Apple kompaniýasy «akylly» sagatlaryň bazarynda öňden bäri liderligi saklaýar. Öň kompaniýanyň iň köp satylýan modelleri iň elýeterli sagatlar bolan bolsa, indi, görşümiz ýaly, bu beýle däl. Häzirki wagtda kompaniýanyň iň elýeterli sagady hasaplanýan Watch Series 3 iň gowy «akylly» sagatlaryň bäşligine giren hem bolsa, ol diňe bäşinji orunda ýerleşdi.
Şeýle-de, bäşlige Samsung kompaniýasynyň iki modeli girdi: Galaxy Watch 4 we Watch 4 Classic.


06.02.2026 12:03
3k+

Apple abatlanan iPhone 16 modellerini satuwa çykardy, üstesine kepillik hem berýär

​Apple kompaniýasy iPhone 16 seriýasynyň ähli modelleriniň sertifikasiýalaşdyrylan abatlanan görnüşlerini satyp başlady. Enjamlar modeline görä 12% - 22% aralygynda arzan satylýar. Ozal önümçiligi bes edilen iPhone 16 Pro we 16 Pro Max modelleri üçin hödürlenýän bahalar aýratyn amatly görünýär...

01.02.2026 16:12
1.7k+

Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady

Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar. Şikaýatçy...

31.01.2026 22:19
2.6k+

12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy

Apple kompaniýasy audio maglumatlary işläp taýýarlamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny döredýän Ysraýylyň Q.AI startapyny satyn alandygyny yglan etdi. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň resmi metbugat beýanatyny çap etmändigi sebäpli şertnamanyň jikme-jiklikleri entek nämälimligine galýar...

31.01.2026 18:36
1.6k+

Taryhy rekord: Apple bir çärýekde 143,8 milliard dollar girdeji aldy

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda tamamlanan täze maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça 143,8 milliard dollar girdeji gazanyp, öz taryhynda rekord goýdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% köpdür we seljerijileriň çaklamalaryndan has ýokarydyr...