Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo koronawirus bilen keselledi

Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo koronawirus bilen keselledi

Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudonyň koronawirus barlagy položitel çykdy. Bu barada ol Twitter sahypasynda habar berdi.

«Meniň COVID-19-a barlagym položitel çykdy», — diýip, Trýudo ýazypdyr.

Ol köpçülikden üzňeleşjekdigini we lukmanlaryň maslahatyna eýerjekdigini belledi. Trýudo, öň koronawirusa garşy sanjym alansoň,  özüni oňat duýýandygyny habar berdi.