Xiaomi 13 smartfony hakynda ilkinji jikme-jik maglumatlar peýda boldy

  • 13.06.2022 19:09
  • 17k+

Geljekki öňdebaryjy Xiaomi 13 iň täze Qualcomm Snapdragon 8 Gen 2 çipsetine  eýe bolar diýip, çeşme ýazýar.

Habarlara görä, premium-smartfonlara  niýetlenen indiki nesliň öňdebaryjy çipsetiniň özboluşly şekili bolar. Häzirki bar bolan 8 Gen 1 prosessorlarynyň 1+3+4 ýadrodan ybarat klasterleri bar bolsa, onda, täze 8 Gen 2-niň 1+2+2+3 şekili bolar.
The Snapdragon 8 Gen 2 Makalu-nyň nesliniň bir ýadrosyny, Makalu-nyň beýleki iki ýadroly klasterini, Matterhorn-yň iki ýadrosyny we Klein R 1-iň üç ýadrosyny alar diýip, habar berilýär.
Iň täze prosessory aljak ilkinji smartfonlaryň biri-de Xiaomi 13 bolar diýip, Abhishek Yadav insaýderi mälim edýär. 
Mundan hem başga, Adreno 740 grafiki prosessory täze çipset alar we TSMC-niň öňdebaryjy 4-nji tehprosesinde öndüriler.   


şu gün 01:33
623

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...