“EKSPO — 2020” üçin gurlan Türkmenistanyň pawilýony ýene 5 ýyllap ulanylar

  • 13.06.2022 10:17
  • 8.9k+

Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO — 2020” sergisinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasy ýene-de bäş ýyl möhlet bilen ulanylar. Bu baradaky degişli hasabat bilen 11-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bütindünýä serginiň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli, Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýylyň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklarynydyr forumlary geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasaplanylýar.

 Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergileri guramagy dowam etmek zerurdyr diýip, wise-premýere bu babatda tabşyryk berdi. Şeýle-de dürli ýurtlarda we şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmek gerek, munuň özi harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......