Russiýa Türkmenistana maýmyn mamasyny ýüze çykarmak üçin test-ulgamlaryny berer

  • 10.06.2022 17:29
  • 35k+

Rospotrebnadzor maýmyn mamasyny ýüze çykarmak üçin Türkmenistana test-ulgamlaryny berer we maslahat beriş ýardamyny eder diýip, RIA Nowosti agentligi edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. 

Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen duşuşyk geçirdi.

«Dünýä ýurtlarynyň ençemesinde maýmyn mamasynyň ýüze çykarylmagy bilen baglylykda, Rospotrebnadzor Türkmenistandan kärdeşlerine bu keseli anyklamak üçin «Wektor» ylmy merkezi tarapyndan işlenilip düzülen test-ulgamlaryny gowşurar, şeýle hem maslahat beriş işini amala aşyrar» - diýlip habarda aýdylýar.

Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Rospotrebnadzor täze we gaýtadan döreýän ýokanç keselleriniň öňüni almak we anyklamak meseleleri boýunça türkmen hünärmenleri üçin hünär kämilligini ýokarlandyryş okuwlaryny gurar.


düýn 16:48
2.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.5k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.5k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....