Dünýäniň iň gymmat futbolçylary aýdyldy

  • 08.06.2022 08:40
  • 36k+

«Pari Sen-Žermeniň» (PSŽ) we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäde iň gymmat futbolçy boldy diýip, CIES Football Observatory barlag merkezi mälim etdi. Seljerijiler oňa 250,6 mln ýewrolyk futbolçy diýip baha berdiler. Şonuň ýaly-da, öňdelikçileriň üçlügine «Realdan» braziliýaly hüjümçi Winisius Žunior (185,3 mln ýewro) we «Mançester Sitiniň» täze alan futbolçysy — Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand (152,6 mln ýewro) dagy düşdüler.

Sanawdaky ýene bir iň gymmat goragçy — «Mançester Sitiniň» oýunçysy Ruben Diaşdyr, onuň bahasy 109,6 mln ýewro. «Barselonadaky» Pedri iň gymmat ýarym goragçy boldy (135,1 mln ýewro), «PSŽ-daky» Janluiji Donnarumma bolsa iň gymmat derwezebanlaryň sanawynyň başyny çekdi (73,7 mln ýewro).
Sanawyň birinji ýüzlüginde Angliýanyň premýer-ligasynyň wekilleri agdyklyk edýär (41).
23 ýaşly Mbappe «PSŽ-e» 2017-nji ýylda geldi. Şondan bäri ol dört gezek Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy, üç gezek Fransiýanyň kubogyny aldy, Fransuz ligasynyň kubogynyň we Fransiýanyň Superkubogynyň hersini iki gezekden gazandy. Ol öňki oýnan toparynda — «Monakoda» hem ýurduň çempiony bolupdy.  Türgen Fransiýanyň ýygyndysynyň düzümindekä 2018-nji ýylda Russiýada geçen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......