Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baş diplomatlary hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

  • 08.06.2022 00:55
  • 7.9k+

Nur-Sultana saparynyň çäklerinde 7-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar sebitiň syýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, wajyp halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Hazar meselesi gepleşikleriň möhüm ugry boldy. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyny geçirmek bilen bagly meslelere seredildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem iki ýurduň sebit we halkara derejede gatnaşyklarynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we Gazagystanda bar bolan döwrebap guryýer we deňiz ulag infrastrukturalarynyň ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......