Ronaldu milli ýygyndy üçin gol sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi

  • 07.06.2022 18:41
  • 22k+

Hüjümçi Kriştianu Ronaldu Milletler ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde geçirilen Şweýsariýa bilen oýunda iki gol geçirdi. 

Mundan öň milli topar üçin bassyr bäş oýnuň dowamynda gol salmadyk hüjümçi 116-njy we 117-nji pökgini tora girizdi. Şeýle netije Ronaldunyň öz rekordynyň täzelenmegi boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. 117 gol – bu milli ýygyndy toparlarynyň ähli oýunçylarynyň arasynda iň gowy netije. Ikinji orny Eýranyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Ali Daei eýeleýär, onuň hasabynda 109 gol bar.
Professional futbolda erkekleriň arasynda diňe iki oýunçynyň – Ronaldu bilen Daeiniň öz milli toparlary üçin 100-den köp gol geçirip bilendigi bellärliklidir.


şu gün 00:10
4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.8k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....

16.04.2026 01:35
3.8k+

Hawýer Maskerano «Inter Maýami» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Argentinaly hünärmen Hawýer Maskerano «Inter Maýami» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. MLS toparynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 41 ýaşly tälimçi şahsy sebäplere görä wezipesinden......