Şu ýylyň 5 aýynda Türkmenistanda makroykdysady görkezijiler durnukly ýagdaýda saklandy

  • 06.06.2022 12:07
  • 13k+

Türkmenistanda şu ýylyň geçen bäş aýynda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Şu we beýleki makroykdysady görkezijiler barada Hökümetiň 4-nji iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kadalarynydyr düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.


düýn 23:15
1.4k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....