«Rolan Garros» finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy

  • 04.06.2022 19:51
  • 3.6k+

Ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň tennis boýunça açyk çempionatynyň ("Rolan Garrros") finalynda norwegiýaly Kasper Ruudyň garşysyna oýnar.

Ruud bilen Marin Çiliçiň arasyndaky ýarym final duşuşygy dört torda 3:6, 6:4, 6:2 hasap bilen tamamlandy.
33 ýaşly Çiliç (dünýäniň 23-nji raketkasy) karýerasynda ilkinji gezek "Rolan Garros"-yň ýarym finalyna çykdy. Şoňa çenli horwat kortdaky iň gowy üstünligini Parižde 2017-nji we 2018-nji ýyllarda çärýek finallarda görkezipdi. Fransiýanyň açyk çempionaty "Uly tuwulga"-nyň soňky, Çiliçiň hiç hili ýagdaýda finala  çykyp bilmedik turniri bolmagynda galýar. 2014-nji ýylda ol ABŞ-yň Açyk çempionatynda (US Open) ýeňiş gazanypdy, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda bolsa,degişlilikde, Uimbldonda we Awstraliýanyň açyk çempionatynda (Australian Open)  finala çenli ýetipdi. 


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....