Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi

  • 04.06.2022 09:01
  • 10k+

3-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde  Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.

Asylly däbe görä, ýerlerde galla oragyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň rowaçlygy we abadançylygy üçin Beýik Biribardan doga-dileg etdiler. Aksakgal ýaşulular: “Çäjiňe bereket!” diýen sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Diýarymyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 64 sanysy işlediler. Gije-gündizleýin esasda işlediljek ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, satyn alnan ýokary öndürijilikli “John Deere” we “Сlaas” kysymly galla orujy kombaýnlar telematik ulgamlar bilen üpjün edilýär.

Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümleriniň 154-sine, elewatorlara hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 9 müň 800-den gowragy işlediler. Galla oragyna çenli degişli barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda okuw-önümçilik maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. 


şu gün 17:59
145

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...

şu gün 13:24
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär...

şu gün 13:13
1.7k+

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi...

şu gün 13:05
2.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň dekabrdaky çärelere taýýarlyk ýagdaýy bilen tanyşdy

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy...