Ýewropanyň we Amerikanyň çempionlarynyň duşuşygynda Argentina ýeňiş gazandy

  • 02.06.2022 10:47
  • 13k+

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Günorta Amerikanyň we Ýewropanyň çempionlarynyň ýörite duşuşygynda Italiýadan üstün çykyp, täze baýragy — «Finalissimo» baýragyny eýelediler.

Londonda «Uembli» stadionynda geçirilen duşuşykda argentinalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Gollary Lautaro Martines (28-nji minut), «Anhel Di Mariýa (45+1) we Paulo Dibala (90+4) geçirdi. Martines bilen Dibala netijeli ýardam pasyny Lionel Messi geçirdi.
Bu duşuşyk Italiýanyň milli ýygyndysynyň 37 ýaşly goragçysy Jorjio Kiellini üçin soňky duşuşyk boldy.
«Finalissima» ýaryş hökmünde 2021-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) bilen Futbolyň günortaamerika konfederasiýasynyň (KONMEBOL) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen Ähtnama gol çekmegi bilen döredildi. Ýewropanyň çempiony bilen Amerikanyň Kubogynyň ýeňijileriniň duşuşygyny, azyndan, 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çeli geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 10:24
1.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.5k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......