Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzdaky Oba hojalyk institutyna baryp gördi

  • 01.06.2022 09:43
  • 38k+

31-nji maýda Daşoguzda iş saparynda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutyna baryp, bilim edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onda talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we institutyň talyp ýaşlary bilen duşuşdy.

Alym Arkadagymyz institutyň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy, institutda amaly sapaklaryň tejribe bilen utgaşdyrylyşy baradaky çykyşlaryny diňledi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin ýokary bilimli we häzirki zaman tejribesinden ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem institutda ylmy iş bilen meşgullanmak, dünýä tejribesini içgin öwrenmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärine bolan höwesiniň artmagyny şertlendirýär.

Hormatly Arkadagymyz Daşoguz şäherindäki Oba hojalyk institutynda pudak üçin zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belläp, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk tejribelerini döwrebap derejede ösdürjekdiklerine ynam bildirdi we bu ugurda özüniň durmuş tejribesi boýunça öwüt-nesihatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini, şol sanda iňlis dilini öwrenmeklerini nesihat etdi. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine möhüm orun degişlidir. “Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir” diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory ýokary okuw mekdebine gelip, talyplaryň bilim alşy, professor-mugallymlaryň iş şertleri bilen tanşyp, gymmatly maslahatlaryny, öwüt-nesihatlaryny berendigi üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur tagallalaryň edilýändigini aýratyn belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşykda beýan edilen ähli teklipleriň hormatly Prezidentimize ýetiriljekdigini aýtdy.


şu gün 08:10
9.2k+

14-nji iýuldan Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy...

şu gün 07:45
12k+

Ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekildi

11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Kararlara gol çekdi...

01.07.2025 20:24
7.8k+

Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler...

29.06.2025 15:30
3.8k+

Türkmenistanyň dünýä dilleri instituty Koreýa Respublikasynyň uniwersiteti bilen Ähtnama gol çekişdi

25-nji iýunda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi...