Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzdaky Oba hojalyk institutyna baryp gördi

  • 01.06.2022 09:43
  • 38k+

31-nji maýda Daşoguzda iş saparynda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutyna baryp, bilim edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onda talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we institutyň talyp ýaşlary bilen duşuşdy.

Alym Arkadagymyz institutyň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy, institutda amaly sapaklaryň tejribe bilen utgaşdyrylyşy baradaky çykyşlaryny diňledi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin ýokary bilimli we häzirki zaman tejribesinden ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem institutda ylmy iş bilen meşgullanmak, dünýä tejribesini içgin öwrenmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärine bolan höwesiniň artmagyny şertlendirýär.

Hormatly Arkadagymyz Daşoguz şäherindäki Oba hojalyk institutynda pudak üçin zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belläp, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk tejribelerini döwrebap derejede ösdürjekdiklerine ynam bildirdi we bu ugurda özüniň durmuş tejribesi boýunça öwüt-nesihatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini, şol sanda iňlis dilini öwrenmeklerini nesihat etdi. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine möhüm orun degişlidir. “Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir” diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory ýokary okuw mekdebine gelip, talyplaryň bilim alşy, professor-mugallymlaryň iş şertleri bilen tanşyp, gymmatly maslahatlaryny, öwüt-nesihatlaryny berendigi üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur tagallalaryň edilýändigini aýratyn belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşykda beýan edilen ähli teklipleriň hormatly Prezidentimize ýetiriljekdigini aýtdy.


19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.2k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......