Lewandowski «Bawariýadan» gitmek isleýär

  • 31.05.2022 20:36
  • 11k+

Germaniýanyň «Bawariýa» klubunyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski toparyndan gitmäge hyýallanýar. Bu barada ol duşenbe güni Warşawada geçen metbugat maslahatynda aýtdy.

«Meniň «Bawariýadaky» taryhym tamam boldy — diýip, Lewandowski malim etdi. —  Bu klub üçin oýnamagymy dowam etmäge mümkinçilik göremek. «Bawariýa» — uly klub we olaryň meni saklamajagyna ynanýaryn, men mundan beýläk ol ýerde oýnamak islemeýärin. Transfer — häzir iň gowy çözgüt, olar meni saklamaz diýip umyt edýän».  

Lewandowski bilen «Bawariýanyň» şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Ozal HBS futbolçynyň klubdan möwsümiň ahyrynda gitmek hyýalynyň bardygyny habar beripdi.
Lewandowski 33 ýaşynda, ol 2014-nji ýyldan bäri «Bawariýada» çykyş edýär, hüjümçi topar üçin 374 oýun geçirdi, 344 gezek gol saldy we 72 topy netijeli geçirdi. Polşaly türgen ýedi gezek Germaniýanyň çempionatynyň  iň gowy bombardiri boldy.  Lewandowski «Bawariýanyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy, şeýle-de Germaniýanyň on gezek çempiony, dört gezek kubogyň eýesi boldy. Şonuň ýaly-da, 2010-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli «Bawariýanyň» we Dortmundyň «Borussiýasynyň» düzüminde alty gezek ýurduň superkubogyny gazandy.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......