Kubada hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

Kubada hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

Kubanyň hökümeti adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde hökmany tertipde agyz-burun örtüklerini dakynmak baradaky talaby ýatyrdy. Bu barada Kubanyň telewideniýesine salgylanýan TASS habar berýär.

Karar 31-nji maýdan güýje girýär — indi örtük dakynmaklyk maslahat beriji häsiýete eýedir. Diňe koronawirus ýokanjynyň alamatlaryny özünde saklaýan adamlara we saglygy goraýyş edaralarynda örtük geýmek hökmanylygyna galýar.
Pandemiýanyň başyndan bäri Kubada COVID -19 bilen kesellän 1,1 milliondan gowrak adam hasaba alyndy. Şolardan 8529 adam ýogaldy.
2,2 million adamly, adanyň iň gür ilatly paýtagt şäheri bolan  Gawanada COVID-19 bilen bagly aglaba çäklendirmeler baryp ýazyň başynda aýrylypdy.