Dünýä we milli sport habarlaryny yzarlamak üçin sport portaly peýda boldy

  • 28.05.2022 12:22
  • 67k+

Sport janköýerleri üçin gerekli bolan ähli maglumatlary hem-de materiallary bir ýerde hödürleýän ilkinji sport portaly — «Turkmensport» portaly peýda boldy.

Futbol, boks, tennis, basketbol, motosport, hokkeý, küşt, gimnastika we başga-da 40-dan gowrak sport görnüşleri hakyndaky täzeliklerden habardar edýän bu sport portalyndan islendik ýaşdaky sport muşdagy özüne gerekli maglumaty tapyp biler.
Her gün iň gowy hem iň täze habarlary okyjylaryna ýetirýän Turkmensport portalynyň mobil görnüşi Play Market-de we App Store-de ýükläp almak üçin elýeterlidir.
Turkmensport okyjylaryna şeýle hem şulary hödürleýär:

  • içerki we daşary ýurtly sport ussatlary bilen aýratyn söhbetdeşlikleri, analitiki makalalary;
  • futbol, boks, basketbol boýunça halkara synlary;
  • Ýewropanyň futbol ligalarynyň we Türkmenistanyň futbol çempionatynyň onlaýn ýaýlymlaryny;
  • iň janly we meşhur surat galereýasyny;
  • sport ýaryşlarynyň we futbol ýaryşlarynyň wideo teswirlerini we gyzykly pursatlary;
  • iň gowy futbol çempionatlarynyň onlaýn tablisasyny;
  • klublaryň statistikasyny we dürli sport görnüşleri boýunça ensiklopedik maglumatlary.

Şeýle hem, okyjylar Turkmensport portalyndan Türkmenistanyň Ýokary Ligasynda çykyş edýän klublaryň taryhy we düzümi barada ýörite bölüm arkaly öwrenip biler.
Turkmensport portalynyň mobil goşundysyny Play Market-den we App Store-den şu salgylardan ýükläp bilersiňiz.
Website : https://turkmensport.com
Instagram: turkmensportcom


düýn 23:00
889

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......