Halkara Buker baýragyny Hindistandan Gitanjali Şri aldy

  • 28.05.2022 12:17
  • 15k+

Hindistanly ýazyjy Gitanjali Şri “Tomb of Sand” (“Çägeli gubur”) eseri üçin edebiýat boýunça Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Londonda geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, irlandiýaly terjimeçi Frenk Uaýn mälim etdi.

Kitap adamsynyň aradan çykmagy sebäpli agyr depressiýany başdan geçirýän 80 ýaşly aýalyň wakasyny gürrüň berýär. Ol gyzynyň düşünmezligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, Pakistana gidýär, bu hem ýurduň bölünişigi baradaky agyr ýatlamalary ýada salýar, ýöne ahyrynda ol durmuşynda şatlygyň täze çeşmelerini tapýar.

Bu abraýly baýragy alan hindi dilinden terjime edilen ilkinji kitapdyr. Iňlis diline terjime eden ABŞ-dan angliýaly suratkeş, ýazyjy we terjimeçi Deýzi Rokwell. Baýragyň gysga sanawyna alty dürli dilde – ispan, koreý, norwegiýa, polýak, hindi we ýapon dilinde alty eser girdi. Olaryň bäşisi aýal maşgala tarapyndan ýazyldy.

Gitanjali Şri 1957-nji ýylda Hindistanyň demirgazygyndaky Maýnpuri şäherinde doguldy. Ol üç romanyň we birnäçe hekaýalar ýygyndysynyň awtorydyr. Şriniň eserleri iňlis, fransuz, nemes, serb we koreý dillerine terjime edildi. “Çägeli gubur” onuň Angliýada çap edilen ilkinji kitabydyr.

Halkara Buker baýragy 2004-nji ýylda döredildi we 2016-njy ýyla çenli her iki ýyldan bir gezek berildi. Indi ol her ýyl edebiýat ugrunda gazanylan üstünlikler üçin berilýär.​

Ýeňiji iňlis diline terjime edilen we Birleşen Korollykda ýa-da Irlandiýada çap edilen islendik kitabyň awtory bolup bilýär. Baýragyň pul sylagy 50 müň funt sterling ($62,5 müň) bolup, ýeňiji ýazyjy bilen terjimeçiniň arasynda bölünýär. Gysga sanawa giren ýazyjylar we terjimeçiler 1 müň funt sterlingden ($1,25 müň) alýarlar.

Geçen ýyl baýragyň eýesi fransiýaly Dawid Diop “Frere d’ame” (“Mährem kalp”) romany bilen boldy.​


08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

18.05.2026 12:41
4.3k+

Batgalykdaky Lotos: Hindistan yklymyň esasy howa menzili merkezleriniň birini gurýar

Mumbaýyň taryhy merkezinden takmynan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän batgalyk ýerde ägirt uly Nawi-Mumbaý howa menziliniň gurluşygy dowam edýär....