Türkmenistan BMG-niň söwda boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

  • 28.05.2022 08:58
  • 6.4k+

26-njy maýda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi.

Gerd Müller Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini belledi.


düýn 16:59
2k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...

düýn 16:51
955

Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň ilçisi işe başlady

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi...

düýn 16:39
1k+

Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen...

düýn 16:28
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanynyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi...