Özbegistanda ikinji Gün fotoelektrik stansiýasy işe girizildi

  • 26.05.2022 13:10
  • 8.9k+

24-nji maýda Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň Nurabad etrabynda kuwwaty 100MWt bolan iri Gün fotoelektrik stansiýasy işe başlady. Bahasy 100 mlllion dollarlyk bolan bu taslama Total Eren fransuz kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Stansiýa ýylda 260 million kWt/s elektroenergiýany öndürer.

Bu soňky ýylyň içinde Özbegistanda gurlan eýýäm ikinji geliostansiýadyr. Birinjisi 2021-nji ýylyň ortalarynda Nawoi welaýatynda BAE-niň Masdar kompaniýasy tarapyndan işe girizilipdi (onuňam kuwwaty 100 MWt). Taslamanyň bahasy 110 mln dollar. Masdar kompaniýasy ýurduň başga-da üç sebitinde (Jizak, Samarkand we Surhandarýa welaýatlarynda) umumy kuwwaty 900 MWt  töweregi bolan, bahasy 1 mlrd dollarlyk gurluşyk üçin bäsleşikde ýeňiş gazandy. Desgalary 2023-nji ýylyň güýjüne çenli ýetişdirmek meýilleşdirilýär. 
Geliostansiýalaryň gurluşygynyň taslamasy 2030-njy ýyla çenli ýurduň energetika balansyny diwersifikasiýalaşdyrmak, aýratynam, kuwwaty 5 GWt çenli bolan Gün generasiýasyny gurmagyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Özbegistanyň hökümet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. 


18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....