"Altkom" türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmakda tejribelerini hödürleýär

  • 26.05.2022 13:03
  • 9.8k+

25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçiren duşuşygynda işewür ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşykda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Innowasion häsiýetli, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmeginiň iň gowy dünýä gazananlarynyň hem-de ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna esaslanýandygy bellenildi.

Işewür Türkmenistanda netijeli işewürligi alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de dürli maksatly desgalaryň, ulag düzüminiň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 06:19
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...

düýn 05:54
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy...

24.01.2026 03:26
6.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy...

18.01.2026 10:00
5.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy...