Aşgabadyň gününe XXI halkara sergi açyldy

  • 25.05.2022 08:53
  • 5.2k+

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabadyň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. 

Döwlet Baştutanynyň Gutlagy: "Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer diýip pikir edýärin" diýen sözler bilen başlanýar. 

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplary döwrebaplaşdyryldy, täze iri ýaşaýyş toplumlary, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy... Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde ylym, akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir. Ulag we aragatnaşyk ulgamy, hyzmatlar, söwda, myhmanhana we medeni-dynç alyş ulgamlary ösendir. Şonuň ýaly-da, ilatyň saglygyny goramaga, medeniýeti, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär.

"Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde uly wezipeler durýar. Men Aşgabadyň abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


şu gün 10:18
5.2k+

+43 gradusa çenli yssy: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.07 - 13.07)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

05.07.2025 18:15
1.7k+

Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...

01.07.2025 19:48
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31 ...

01.07.2025 13:52
1.8k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...