«Türkmenhowaýollary» Kazana we Dubaýa uçuş peteklerini satyp başlady

  • 24.05.2022 20:49
  • 57k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Kazan we Dubaý şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlary üçin awiapetekleriň satuwyna başlady. Ilkinji uçar Türkmenistandan 30-njy maýda amala aşyrylar.

Kazan şäherine gatnawlar her hepdäniň çarşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan uçar sagat 14:55-de ugrap, Russiýanyň bu şäherine ýerli wagt bilen 16:30-da gonar.
Howa gämisi Kazandan yzyna – Türkmenistana sagat 19:00-da ugrap, türkmen paýtagtyna 00:00-da gonar (çarşenbeden penşenbä geçilýän gije).
Dubaý şäherine awiagatnawlar her hepdäniň duşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan uçarlar sagat 12:20-de ugrap, BAE-ne sagat 13:50-de gonar. Dubaýdan yzyna, türkmen paýtagtyna howa gämisi sagat 15:20-de ugrap, Türkmenistana 19:00-da geler.
Awiapetegiň bir tarapynyň bahasy – Türkmenistandan Kazana çenli 8020 manat, Türkmenistandan Dubaýa çenli bolsa – 6700 manat.
Goşmaça magumat almak üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: +99312391717; +99312391720; 085.


düýn 18:37
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.3k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.7k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......