Mbappe «PSŽ» bilen şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 23.05.2022 06:48
  • 9.4k+

«Pari Sen-Žermen» Twitterde hüjümçi Killian Mbappe bilen şertnamanyň uzaldylýandygyny mälim etdi.

23 ýaşly fransiýaly futbolçy bilen baglaşylan täze şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsuna çenlidir. 20-nji maýda "PSŽ-nyň" ýolbaşçylarynyň fransiýaly hüjümçä salgytlaryny töländen soň, ýylda 100 mln ýewro zähmet hakyny, 300 mln ýewrolyk gol çekilen bonusy, şeýle hem imij hukuklarynyň bir bölegine eýelik etmek mümkinçiligini teklip edendigi mälim boldy.
Fransiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde Mbappe 32 oýna gatnaşyp, 24 gol geçirmegi we 15 gezek pökgini netijeli bermegi başardy. Onuň topary Fransiýanyň çempionatynda yzyndaky topardan 14 utuk artykmaçlyk bilen öňde barýar. 
2018-nji ýylda Mbappe Fransiýanyň ýygyndysynyň düzüminde dünýäniň çempiony boldy.
Owal Mbappeniň "Reala" geçjekdigi barada kän gezek aýdylypdy. Käbir HBS-i fransiýaly hüjümçiniň eýýäm "Real" bilen şertnama baglaşandygyny hem tassyklaýardylar.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......